Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine we ähli gelin-gyzlaryna iberen baýramçylyk Gutlagynda türkmen halkynyň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmatynyň uludygy bellenilýär. “Belent ruhly, kämil nesli kemala getirmekde enelerimiz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan döredilen hüwdüler, läleler, monjugatdylar ýaly halk döredijiliginiň nusgalary ýaşlarda lebzihalallygy, watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ululary sylamagy, il-güne wepalylygy, belent ahlaklylygy terbiýeleýän, türkmeniň ähli ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän edep mekdebidir” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Müňýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini saklap gelýär. Ol nesillerde ynsaplylyk, pespällik we zähmetsöýerlik, enelere hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýär. Ähli döwürlerde hem türkmen jemgyýetinde enelere aýratyn sarpa goýlupdyr. Zenanlar maşgala ojagyny, jemgyýetiň ahlak esaslaryny, ruhy we ynsanperwer gymmatlyklary goraýan beýik ynsanlardyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Şol bir wagtyň özünde, olar mähriban ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojaklarynyň eýeleridir. Täze taryhy döwrüň döredilmegine işjeň gatnaşýan zenanlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde eýeleýän orny hem barha artýar.