Halkyň Arkadagly zamanasy !

  • автор:

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, mähriban Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Tamamlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz etmän bolmaz. Ýurdumyzyň içinde we halkara derejede geçirilen köp sanly çäreler, hormatly Prezidentimiziň ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmek ugrunda iri halkara forumlarda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň içinde gazanan üstünlikleri, halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni, ruhy we däp-dessurlary bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini we durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerini, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini mundan beýläkde ýokarlandyrmaga gönükdirlen beýik işleriň ähmiýetini wagyz etmek, türkmen halkynyň öz Arkadagy bilen XXI asyryň üçünji onýyllygynda täze döwre gadam basandygyny nygtamak bilen hem-de 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak hakynda ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, kärhanalaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip eglan edildi.

Gahryman Arkadagymyz döwrümizi bagtyýarlyga besledi, döwzriň bagtyýarlygy bolsa döwletiň berkararlygyndadyr. Biz Hormatly Prezidendimiziň tagallasy bilen şol bagtyýar döwrüň eýesi bolduk. Şu bagtyýar dumuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, halk we döwlet ähmiýetli alyp barýan işlerinde mydama üstünlikler ýar bolsyn.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *