“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda “Aşpezlik işi” hünäri boýunça “Hünär ussatlygy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Söwda hünär- tehniki okuw mekdebiniň talyplary türkmen milli tagamlaryny taýýarlap öz başarnyklaryny görkezdiler we ýeňiji bolan talyplar Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň adyndan hormat hatlary bilen sylaglandylar.