Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebimizde hem 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni we sport çäreleri dabaraly ýagdaýda geçirildi we okuw jaýymyzda baýramçylyk mynasybetli işgär we gelin-gyzlara sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gysga möhletli (3-4 aý) tölegli okuwlar açylandygyny size habar berýäris, gysga möhletli okuwlar: Aşpez; Aşpez-konditer; Satyjy; Buhgalter; Kompýuter operatory; Menejer; Nahar hyzmatçysy Gözegçi kassir. Okuwa girmek üçin gerekli bolan resminamalar: 1) direktoryň adyna arza, 2) raýatlyk pasportynyň nusgasy, 3) orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy, 4) 2 sany 3×4 ölçegli surat, 5) özi barada maglumat, 6) işleýänligi hakynda kepilnama (işleýänler üçin). Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Aba Annaýew (Ostrowskiý) köç., jaý-49 Habarlaşmak üçin telefonlar: 36-84-32, 36-85-41, 36-89-38.