Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
"SÖWDA HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI"
SÖWDA HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Biz Barada
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
SÖWDA HÜNÄR-TEHNIKI OKUW MEKDEBI
Hünär alaýyn diýseňiz, bize okamaga geliň!
Söwda hünär-tehniki okuw mekdebi 1941-nji ýyldan bäri hünärmenleri taýýarlap gelýär.
80 ýyldan bäri mekdepde hünär alan ildeşlerimiz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, mähriban watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşup gelýärler. Siz hem bir hatarda bolaýyn diýseňiz, aşakda görkezilen ugurlar boýunça gündizki we agşamky okuwlara höwes bildirýän hünäriňizi saýlap bilersiňiz:
Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde 1,5 ýyl tölegli okuw möhleti bilen taýýarlanýan hünär ugurlary:
“Buhgalterçilik işi” hünäri:
Hünärmene maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli standartlaryna laýyklykda buhgalteriýany ýöretmegi öwredýär.
Hünärmen edara-kärhanalarda hasabat, derňew, maliýeleşdirmek we karz işlerini alyp barýan buhgalter wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.
«Menejer» hünäri
Hünärmene firmalarda ýa-da olaryň bölumlerinde, şahamçalarynda ýolbaşçylyk etmek bilen bazar ykdysadyýetiniň kanunçylygyna çuň düşünýän we özüniň ähli ukybyny, telekeçiligi ösdürmegi öwredýär.
“Aşpez-konditer tehnology” hünäri:
Jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynda-kulinar tagamlary, hamyrdan taýýarlanyýan konditer önümlerini şeýle hem taýýar önümlere bezeg bermek hem-de gurnamak işlerini ýerine ýetirmek bilen hünärmenler taýýarlanýar.
“Harytçy” hünär:
Hünärmene söwdany döwrebap gurnamaklygy we bazary dolandyrmagyň esaslaryny öwredilýär. Ol söwda edara-kärhanalarynda täjir, dükan müdiri, satyjy, ilatyň sarp edýän harytlarynyň eksperti wezipelerinde işlemeklik üçin taýýarlanylýar.
(Berilýän hünär derejesi diplom)
10 aý tölegli okuw möhleti bilen taýýarlaýan hünär ugurlary:
Aşpez-kulinar (milli we daşary ýurt tagamlaryny öwrenmek bilen);
Hünärmene önüm taýýarlamakda esasy çig mallaryň düzümini, ýarym-taýýar önümleriň görnüşlerini, kulinar we konditer önümlerini taýýarlamagyň tehnologiýasyny, dürli görnüşli milli we daşary ýurt tagamlaryny taýýarlamagy öwredilýär
Seljeriji laborant hünäri;
Hünärmene seljerme (analiz) geçirmek üçin himiki gaplary, gurallary we laboratoriýa enjamlary taýýarlamagy, himiki-fiziki usullar bilen azyk iýmitleri san we hil taýdan seljermegi, seljermäniň netijesini kesgitläp resmileşdirmegi öwredilýär
“Söwda işi” hünäri.
Hünärmene söwda kärhanalarynyň işini guramagy we oňa gözegçilik etmegi, harytlary kabul edip almagy we ony resmileşdirmegi, alyjylara harytlar barada maglumat bermegi, harytlary çalyşyp bermegi we alyjylar bilen hasaplaşyk geçirmegiň düzgünleri, harytlaryň dogry saklanylyşyna we olaryň satuw möhletlerinde gözegçilik etmegi öwredilýär
(Berilýän hünär derejesi diplom)
Hünär almak bilen,Hormatly Prezidentimiziň edýän atalyk aladalyryny, alyp barýan daşary we içeri syýasatyny goldap, ýaşlar döwrebap tehnikalarda işlemek, önümçilikde ýüze çykýan dürli ýagdaýlardan dogry baş çykaryp bilmek endiklerini we başarnyklaryny ele alýarlar.
Mekdep döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilen. Sapakalry tejribeli, öz işini bilýän we söýýän baýry mugallymlar alyp barýarlar. Okuwda täze innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu bolsa talyplarda uly gyzyklanma döredýär.
Sagdyn durmuş endiklerine amal edip, hünär, ylmy, medeni we ruhy derejesini artdyrmak, gözýetimini giňeltmek isleýän talyplar üçin döwrebap okuw otaglary, laboratoriýa, kompýuter otaglary, kitaphana, mejlisler, sport, tennis zallary, sport meýdançasy we naharhana talyplaryň hyzmatynda.
Hormatly ýaşlar!
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebi, Sizi hünär almak üçin okuwa çagyrýar.
Biziň salgymyz: Aşgabat ş., Aba Annaýew(Ostrowskiý) köç., jaý-49
Habarlaşmak üçin telefonlar: 36-84-32; 36-85-41; 36-89-38
Biz Size garaşýarys!
Yerleşýan ýerimiz
Aşgabat ş., Aba Annaýew(Ostrowskiý) köç., jaý-49
Telefon belgileri
+993 12 36-84-32 +993 12 36-85-41 +993 12 36-89-38.
tradingschool@sanly.tm