“Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet”

2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 06-synda Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen umumy okuw sapagyndan gelip çykýan mekdep okuwçylarymyzyň we talyp ýaşlarmyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňünde wezipe borçlary, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, arassa ahlaklylyk, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek boýunça Aşgabat şäher PM-niň Bagtyýarlyk EPB-niň KÝÝIBB-niň gözegçisi, Aşgabat şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň sanitar lukmany şeýle hem mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Şeýle-de bu duşuşykda ýaşlarmyzyň arasynda özüni alyp barmaklygyň milli ýörelgeleri, däp-dessur ýörelgeleri, maşgala mukadessligi we nesil terbiýesi, arassaçylyk-ahlak kadalary, milli mirasymyza hormat goýmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmak baradaky nesihatlar talyp ýaşlarymyzda uly täsir galdyrdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *